Biz hakynda

<
>

Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzy durmuş we ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýasaýyş şertlerini özgertmek boýunça döwür üçin Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen  ”GÖWÜN GURLUŞYK”  Hojalyk Jemgyýetimiz 2012 -nji yylda açylyp, ýurdumyzyň gurluşyk işlerine öz goşandyny goşmaga başlady. Hojalyk Jemgyýetimiz dürli binalaryň gurluşygyny, inzenerçilik kommunikasýon ulgamlaryny we ulgamçalaryny ulgamlaşdyrmak işlerini, ähli görnuşdäki ýasaýyş jaýlarynyň gurluşyk gurnama we durkuny täzelemek işlerini, daçalaryň we beýleki desgalaryň gurluşyk işlerini şol sanda ýol gurluşyk işlerini hem alyp barýar. Şeýle hem kompleksleýin taslama işlerini we gurluşyk harytlarynyň lomaý sowdasy bilen hem halkymyza hyzmat edýär.